- ýer
- 1) Öz okunyň we Günüň daşynda aýlanýan, Günden kiçi üçünji planeta.∙ Merkuriý, Wenera, Ýer planetalary Günüň töwereginde aýlanýarlar. («Fizika Kursy»)∙ , Ýere, göge erk edip-de soraýas, Taryhda gyzykly döwr etdi kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)2) Suwly giňişlikleriň, deňziň tersine gurulyk, gury giňişlik.∙ Ýere bakandan ýer gorkar. (Nakyl)∙ Ýer doýman, är doýmaz. (Nakyl)∙ Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer. (Nakyl)∙ Ýer ala, ýurt ala. (Nakyl)∙ Ýerden tapsaň, sanap al. (Nakyl)∙ Ýer görki suw bolar, suw görki -- guw. (Nakyl)3) Biziň planetamyzyň gabygynyň üstki gaty, toprak.∙ Eziz sesini çykarman, dyrnagy bilen ýer dyrmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Bu ýerde ýüz gektardan gowrak ýer bize boýun egýär. («Bahar»)4) Ýurt, ülke, döwlet.∙ Onuň bir daban ýeri üçin men janymy bermäge häzir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)5) Biriniň eýeçiliginde, garamagynda bolan peýdalanylýan territoriýa.∙ Derýa mawy lenta ýaly uzalyp, Owgan ýeri bilen arany bölýär. (A. Haýydow, Gök asman)6) Orun, jaý.∙ Özleriniň ulaglaryny ýoldan sowmaga ýer gözleýärler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Ýaşuly professor öz ýaşyna mahsus bolmadyk çakganlyk bilen ýerinden turdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)7) Biri ýa-da bir zat eýelän, biri ýa-da bir zat bar bolan boşluk, daş-töwerek, giden giňişlik, uçastok.∙ Bu nähili oňat jaý, oňaýly ýer! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Ol ýerde ýazlyk bugdaýdan başga düme künji, nohut we gawun-garpyz ýaly ekinler-de emele gelýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)8) Ýatmak üçin ýorgan-düşek ýazylan orun.∙ Gelniniň öz ýerini gaýyn enesi bilen çagalaryň arasynda salanyny gördüm. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)8) Gulluk wezipesi, kär.∙ Ol gowy ýerde işleýär.9) Wagt, pursat.∙ Han küýli janyny emgemeli ýerinde tapylmaýardy. (A. Durdyýew, Han küýli)10) Bir zadyň galdyran yzy.∙ Elimiň oda bişen ýeri bildirip dur.11) Çat, haryt tabşyrylyp gaýdylyp durlan öý, alyjy.12) Göçme manyda Nesil, maşgala.∙ Ol gyz gowy ýeriň maşgalasy ekeni.◊ gözi ýer görmezlik — seret göz◊ sözüň ýer tutmazlyk — seret söz◊ ýan ýer — Suw durmaýan ýapaşak ýer.◊ ýatan ýeri ýagty bolsun — Ölen adama hormat goýlup aýdylýan söz düzümi.◊ ýer çeken — Birine käýelende aýdylýan gargyş.∙ Ýaramy gozgama, ýer çeken! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ ýer depip oturmak — Diýeniňi etdirjek bolup, hötjetlik etmek, öz diýeniňi tutmak.◊ ýer garbamak — Ýere ýüzin ýykylmak, serilmek.◊ ýer hopmak — Ýer ýuwutmak, ýer çekmek, ýitirim bolmak, ýok bolup gitmek.◊ ýer sermenmek — Janygyp bir zat gözlemek.∙ Ýitiren zadyňy gözläp ýer sermenmek.◊ ýer ýanaşygy bolmak — Bile bir ýerde ekin ekmek.◊ ýer ýarylmady, men girmedim — Erbet utandym; utanjymdan girere deşik tapmadym.◊ ýere dulanmak — Ölmek.∙ Şeýle ýüz bilen ýaşandan, abraý bilen ýere dulanan ýagşy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ ýere girmek1) Ýok bolmak, ölmek.2) Bir zat üçin gaty utanmak, utançly bolmak.◊ ýere gurt düşen ýaly — Çakdanaşa köp, örän köp, mygyldy (adam barada).∙ Her erde hereket ýere gurt düşen ýaly. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)◊ ýere sokmak — Ýok etmek.∙ Duşmanlary ýere sokdum, Çekinmedim hiç bir zatdan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)◊ ýere ýazmak — Ýüzin ýykmak, urup ýykmak.◊ ýeri duşmak — Mynasyp ýigide durmuşa çykmak (aýal maşgala hakda).∙ Öz maşgalasynyň ýeriniň duşjagyny göz öňünde tutýandyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ ýeri gelmek — Çemi gelmek, wagty gelmek.∙ Ýeri gelende, bizem bir gezek oňa güleli ahyry! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ ýeriň pesi bilen — Ýuwaşlyk bilen, hiç kime görünmän.◊ ýeriň tanapyny külterlemek — Çalt ýöremek, çalt ýöräp gitmek.∙ Gyrat ýeriň tanapyny külterleýär. («Görogly» eposy)◊ ýeriň teýinde ýylan gäwüşese bilmek — seret gäwüşemek
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.